Assosiasiýanyň agzasy bolmak

ASSOSIASIÝA AGZA BOLMAK ÜÇIN ÄDIMLER:
1. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasyna agza bolmak niýetiňizi Assosiasiýanyň ýolbaşçy düzümine habar bermek:
744013, ş. Aşgabat, 2127 G.Kulyýew köçesi, 43 (“Oguzhan” binasy , 3-nji gat)
Telefon: +(993 12) 75-40-00; +993 (12) 75-49-92
e-mail: info@tla.tm
2. Assosiasiýanyň Tertipnamasy bilen tanyşmak.
3. Agza bolmak barada Arzany doldurmak. Arzany Assosiasiýanyň ofisinden alyp bilersiňiz. Assosiasiýa agza bolmak üçin gerekli resminamalar Arza goşulmalydyr.

Gerekli resminamalaryň sanawy
Fiziki şahslar (Telekeçiler) üçin gerekli resminamalar:
  • Patentiň göçürmesi
  • Bellige alyş şahadatnamanyň göçürmesi
  • Pasportyň göçürmesi
  • Arza berlen nusgada
  • Telekeçiniň şahsy kartoçkasy
  • Ygtyýarnamalaryň göçürmesi
  • Ulag serişdeleri barada maglumat
  • Bank rekwizitleri
  • Giriş gatanjy baradaky töleg tabşyrygy
Kärhanalar (edaralar) üçin gerekli resminamalar:
  • Tertipnamanyň göçürmesi
  • Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň göçürmesi
  • Sertifikatyň göçürmesi
  • Ýolbaşçynyň pasportynyň we buýrugynyň göçürmesi
  • Arza berlen nusgada
  • Edaranyň başlygynyň şahsy kartoçkasy
  • Ygtyýarnamalaryň göçürmesi
  • Ulag serişdeleri barada maglumat
  • Bank rekwizitleri
  • Giriş gatanjy baradaky töleg tabşyrygy

4. Giriş agzalyk gatanjyny geçirmek.

Assosiasiýanyň agzalarynyň borçlary:
  • Assosiasiýanyň Tertipnamasynyň kadalaryny berjaý etmek, Assosiasiýanyň ýolbaşçy edarasynyň kararlaryny ýerine ýetirmek, agzalaryň pikirine hormat goýmak we ony goldamak, Assosiasiýanyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşmak;
  • Assosiasiýanyň işi bilen bagly meseleleri çözmek üçin zerur maglumatlary, şeýle hem Assosiasiýa agzasy barada ähli zerur maglumatlaryny bermek, olar üýtgän ýagdaýynda, olar barada dessin habar bermek;
  • Tertipnamada bellenilen tertipde giriş, agzalyk we beýleki gatançlary öz wagtynda tölemek;
  • Assosiasiýanyň öňünde öz üstüne alan maliýe borçlary ýerine ýetirmek;
  • Assosiasiýanyň Tertipnamasynyň kadalaryny, özara gatnaşyklaryň etikasyny bozýan, şeýle hem Assosiasiýa maddy we ahlak taýdan zyýan ýetirýän hereketleri amala aşyrmazlyk.

rfwbs-sliderfwbs-sliderfwbs-sliderfwbs-slide