2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugynyň (Astrahan ş.) we Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýardam bermeginde «Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň Hazar sebitinde ulag-logistika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» şygary bilen wideoaragatnaşyk arkaly halkara maslahaty geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň, bilermenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň we «Astrahan oblastynyň gämi eýeleriniň we ekpeditorlarynyň Sebitleýin Assosiasiýasynyň» wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty Russiýa Federeasiýasyndaky (Astrahan ş.) Türkmenistanyň konsuly Güýç Arçaýewiç Garaýew we Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşykalry agentliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Igor Toropisyn açdylar. Çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm görkezildi.
Tegelek stolyň birinji sessiýasy «Russiýanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika toplumynyň ösüş ugurlary we ýollary hem-de Hazar sebitinde ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk» mowzugy bilen geçdi. Özleriniň gyzykly çykyşlary bilen iki döwletiň deňiz portlarynyň, «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynyň, ulag-logistika merkezleriniň ýolbaşçylary we telekeçilik düzümleriniň wekilleri çykyş etdiler. Ýurdumyzda «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň alyp barýan işleri barada Assosiasiýanyň başlygynyň ornbasary Amanowa Sähra öz çykyşynda giňişleýin gürrüň berdi. Maslahatyň barşynda, Türkmenistan bilen Astrakhan oblastynyň arasyndaky halkara ýük daşamalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ulag, logistika we ekspeditorçylyk işlerini kämilleşdirmek, iki döwletiň arasyndaky ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem «Astrahan oblastynyň gämi eýeleriniň we ekpeditorlarynyň Sebitleýin Assosiasiýasynyň» ýolbaşçysy Igor Zagrebalniý deňiz-derýa ulaglary bilen ýük daşamalary amala aşyrmak babatynda baý tejribesi we Assosiasiýanyň umumy iöleri bilen tanyşdyrdy.
Maslahatyň birinji sessiýasynyň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we «Astrahan oblastynyň gämi eýeleriniň we ekpeditorlarynyň Sebitleýin Assosiasiýasy (Astrahan ş. Russiýa Federasiýasy) bilen «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň (Aşgabat ş., Türkmenistan) arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.