Täze 2021 ýylyňyz gutly bolsun!

01.01.2021

Hormatly hyzmatdaşlar!
Gadyrly dostlar!

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň adyndan Sizi ýetip gelýän 2021-nji ýyl bilen gutlamaga rugsat ediň!

Täze ýylyň bosagasynda bize we alyp barýan işimize bolan gyzyklanmaňyz üçin köp sagbolsunlar aýtmak isleýäris, şeýle hem täze ýylda her biriňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Täze ýyl täze gyzykly taslamalaryň, bilelikde işlemegiň we üstünlikleriň ýyly bolsun! Goý, hyzmatdaşlygymyz alyp barýan işimizde täze ugurlary we mümkinçilikleri açsyn! “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan 2021-nji ýyl hemmämiz üçin abadançylyk we täze-täze ýeňişleriň we üstünlikleriň ýyly bolsun!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!