Daşary ýurt işewür kärdeşler bilen hyzmatdaşlyk

06.01.2021

Tamamlap barýan 2020-nji ýylyň soňky aýlarynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýa birnäçe dürli ýurtlaryň hyzmatdaşlary bilen, şol sanda, Russiýa, Belarus, Gazagystan, Ukraina, Täjigistan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Rumyniýa, Eýran onlaýn duşuşyklary we konferensiýalary geçirdi. Onlaýn duşuşyklarda, taraplar özara gatnaşyklaryň ulag we logistika pudagynyň esasy nukdaýnazarlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem “Türkmen Logistika” Assosiasiýanyň we Astrahan welaýatynyň gämi eýeleriniň we ekspeditorlarynyň Sebit Assosiasiýa bilen, Belarusiýanyň Halkara Ekspeditorlaryň we Logistika Assosiasiýasy (BHEA), Logistika we Ulag Patyşa Instituty (LUPI Gazagystan), Ukrainadaky Ulag, Ekspeditorçylyk we Logistika Guramalary (UUELG), Işewürlik Logistiki Ösüş Assosiasiýasy bilen (ILÖA)  özara peýdaly hyzmatdaşlygy baradaky Memorandumlara gol çekdiler.

Onlaýn duşuşyklaryň çäginden çykman, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekdäki ugurlary, halkara daşamalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri, ulag, logistika we ekspeditorçylyk işlerini, ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň meseleleri seredildi. Taraplar, halkara guramalaryň, kompaniýalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda iş tejribeni, okuw seminarlary we dürli okuwlary geçirnek we gurnamak barada, şeýle hem bilelikde konferensiýalary, işewür forumlary, seminarlary, ussatlyk sapaklaryny, tegelek stollary geçirmek teklipler berdiler. “Türkmen Logistika” Assosiasiýa ulag we logistika pudagynda geljekdäki hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam edýär.