Hyzmatdaşlygyň giňelmegi

13.01.2021

2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda daşary ýurt halkara ekspeditorçylyk we logistiki guramalaryň iş tejribesini, olaryň gowy tejribelerini Assosiasiýanyň agzalarynyň arasynda paýlaşmagy, durmuşa geçirmegi, öwrenmegi we umumylaşdyrmagy meseleleri ýerine ýetirmek üçin Ulag we logistika guramalaryň Arkalaşygy, “KAZLOGISTICS” assosiasiýa we “Türkmen Logistika” Assosiasiýa bilen Memoranduma onlaýn gol çekildi. Özara peýdaly gatnaşyklary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda taraplar ylalaşyga geldiler, ýagny, Assosiasiýalarynyň arasynda ýardam etmegi we tejribe alyşmagy, ulag we logistika pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmegi, öňdebaryjy hünärmenleriň hünär taýdan taýýarlamagy. Bu ugurda, gol çekilen Memorandum peýdaly hyzmatdaşlygyň başlangyç nokady bolup durýar.