2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti gatnaşmagynda geçirilen dabaralar teleköpri arkaly birleşdirildi. Täze ýylyň şygary «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we ynamdar gatnaşyklarynda ajaýyp başlangyja öwürildi. Türkmenistan we Owganystan Yslam Respublikasy her ýyl özara bähbitli bilelikdäki taslamalary geçirýär, doganlyk halklaryň öz aralaryndaky däbe öwrülen parahatçylyksöýüjilikli, netijeli gatnaşyklara esaslanyp. Ulag-üstaşir pudagynyň kuwwatyny nazar alyp, hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açylmagy bilen, goňşy ýurtlaryň öz aralaryndaky halkara hyzmatdaş gatnaşyklaryny hasam berkidildi we giňeldildi.