Türkmenistanda konteýner ýük daşamagyň kämilleşdirilmegi.

21.01.2021

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň ýük geçirijiligini ýokarlandyrmaga, konteýnerli halkara ýük daşamalaryň ösdürilmegine ýardam bermek barada göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri hem-de döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyrmakda gümrük edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biri bolan serhet geçelgelerinde harydyň gümrük gözegçiligini ygtybarly guramak bilen bir hatarda, üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara ýük daşamalary artdyrmagyň, aýratynda konteýnerli ýük daşamalary ösdürmekde ýardam berýän şertleri döretmegiň hem-de sebitde iň iri logistik desga bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunda konteýnerleri hasaba almak we resmileşdirmek babatda gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurlarda daşary ýurt döwletleriň tejribeleri bilen tanyşyldy.