“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Baden-Württemberg Eksport Akademiýasy mundan beýläk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

29.01.2021

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary Baden-Württemberg Eksport Akademiýasynyň (Germaniýa) öz ara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda onlaýn gepleşik geçirdiler.
Baden-Württemberg Eksport Akademiýasynyň (Export-Akademie Baden-Württemberg GmbH) Baş direktory, Steinbeis Uniwersitetiniň, Berlin (Steinbeis Hochschule ýanyndaky Steinbeis Global Institute Tübingen, Berlin) müdiri Prof. Dr. Bertram Lomüller we Taslama menejeri Ýewgeniý Braýning, şeýle hem Özbegistanyň işewür logistikasyny ösdürmek Assosiasiýasynyň wekilleri duşuşyga gatnaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda nemes tarapy akademiýanyň esasy ugurlary bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy, ýagny: inženerçilik, maslahat beriş (konsalting), gözleg, analitika, öwrenmek we kämilleşdirmek dolandyryş okuwlary, telekeçilik kömegi, halkara hyzmatdaşlyk taslamalary, akademiki bilim.
Mundan başga-da, ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek üçin olar kompaniýalaryň hünär ösüşine we maslahat berşine pozitiw täsiri eder diýlip hyzmatdaşlygyň ähli taraplaryň ara alnyp maslahatlaşyldy.