Türkmen ulag we logistika kompaniýalary üçin onlaýn seminar geçirmekde Gazagystanyň hyzmatdaşlary tarapyndan berlen goldawy

29.01.2021

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy Gazagystandaky hyzmatdaşy “CILT” Kazakhstan bilen birlikde “Konteýnerli we multimodal ýük daşamalary kämilleşdirmek. Ýygyndy ýükleri daşamagyň aýratynlyklary. Ulag we logistika işiniň ösdürmegi” mowzugy bilen onlaýn okuw maslahaty geçirdi. Bu maslahat Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylygy, söwda we iş orunlaryny döretmek (CTJ) boýunça USAID taslamasynyň goldamagynda geçdi. Gurnalan çärä ýurdumyzyň ulag we logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri uly höwes bilen gatnaşdylar. Olaryň arasynda “Maksatly ýol gurluşyk” HK, “Ýyndam ýollar” HK, “Aziýa ulaglary” HK, “Ýükli kerwen” HK, “Nesibeli Ýol” HK, “Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” HJ, “Älem Dostlygy” HJ, “At-abraý” HJ, “Beýik ýüpek ýoly” HK,  “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TULM)” AGPJ, “Amatly-Ýollar” HJ, “Kuwwatly Ýollar” HK, “Türkmen ak ýol” HJ, “Ynamly Tor” HJ.
Okuw maslahatyny “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň Başlygy we “CILT Central Asia” Prezidenti özleriniň gutlag sözler bilen açdylar. Maslahata spiker we bilermen hökmünde Gazagystanyň «KTZ EXPRESS» kompaniýasynyň Logistika boýunça baş direktoryň orunbasary Tulendiýew Ýerlan Ernisowiç çagyryldy.
Okuw maslahatynyň esasy maksady – ulag pudagynyň konteýner we multimodal ýük daşama ugurlarynda maglumat we tejribe alyşmak, halkara logistika pudagynyň işjeňliginiň kämilleşmegine gatnaşmak, Assosiasiýalaryň we olaryň agzalary arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, ýerli ulag we logistika kompaniýalaryň işinde halkara tejribesini ornaşdyrmak bolup durýar.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy şeýle çäreleri gurnamak we olara gatnaşmak arkaly ýurdumyzyň ulag we logistika pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrmagyna, bu pudaga degişli bolan halkara derejesindäki maglumatlary öwrenmäge, olary ýerli ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň arasynda ýaýmaga ýardam eder.
Geçirilen okuw maslahaty bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda ulag we logistika pudagyny mundan beýläkde kämilleşdirmek babatynda pikir alyşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat etdi.
Şu günki gün, Türkmenistanyň ulag pudagy daşary ykdysady gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen ösüşiň täze derejesine çykýar. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy hem ýurdumyzyň ulag we logistika pudagyny ösdürmekde möhüm goşant goşmak bilen,  bu ugurda uly işleri amala aşyrmagy özüne maksat edinýändigini belläp geçmeli.