2021-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam edip gelýän “Lýapis-Lazuli ugurynda transport we tranzit hyzmatdaşlyklary boýunça ylalaşyklar” mowzugy astynda talyplar bilen sorag-jogap görnüşinde söhbetdeşlik okuw sagady geçirildi.
Mart aýynyň 4-ne geçirilen okuw sagadynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary – Sähra Amanowa bu mowzugy giňişleýin düşündirip çykyş edipdi. Bu gezek geçirilen amaly fakultatiw bolsa, talyplar bilen pikir, sorag-jogap alyşmak üçin oňat mümkinçilik boldy.
Okuw sagadynyň dowamynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalarynyň hereket edýän pudaklary we gyzyklanmalary barada has giňişleýin gürrüň edildi. Geçirilen okuwyň esasy maksady goşmaça we çuňlaşdyrylan okuw maksatnamalarynyň üsti bilen geljekki diplomatlara hünär başarnyklaryny ösdürmäge kömek etmek, täze işçi güýjiniň derejesini ýokarlandyrmakdyr.
Transport diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar we bu uguryň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň geljekki işçilerini taýýarlamakda aýratyn oruny bardyr. Geljekde olaryň öňünde Türkmenistanyň köpmaksatly daşary syýasatynyň hereket edýän uguryna eýerip, ýurdumyzyň transport boýunça başlangyçlaryny we ýaňy emele gelip başlan proýektlerini öňe sürmek wezipesi durýar.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň ekspertleri we hünärmenleri bolsa, talyp ýaşlar bilen şeýle peýdaly çäreleri yzygiderli geçirmekligi mundan beýlede hem dowam eder.