Transport-kommunikasiýa pudagy BMG-nyň ähli agza döwletleriniň arasynda 2030-njy ýyla çenli Global gün tertibinde saklanýan, durnukly ösüşe ýetmegiň maksatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu bolsa transport-tranzit kommunikasiýasynyň ösdürilmegine wajyp ähmiýet goşýar. Türkmenistanyň täze transport-tranzit ugurlarynyň geoykdysady potensialy ägirt ulydyr, olara giň meýdanlar, işçi resurslar hem-de agramly maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu zatlar Türkmenistanyň transport pudagynyň dünýä ykdysadyýetini öňe iterijileriň birine öwrülmegine mümkinçilikler döredýär. Transport pudagy boýunça ýola goýulan halkara hyzmatdaşlygynda transport diplomatiýasyna berilýän üns barha artýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Lýapis-Lazuli ugurynda transport we tranzit hyzmatdaşlyklary boýunça ylalaşyklar” atly mowzugy bilen “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary – Sähra Amanowa çykyş etdi.
Çykyşynyň üstüni prezentasiýa bilen ýetirip, Amanowa Sähra, bu mowzugy geljekki uçurym talyplara giňişleýin açyp düşündirdi. Türkmenistanyň transport strategiýasy geografiki artykmaçlyklarymyzy, logistiki mümkinçiliklerimizi we ýurdumyzyň territoriýasynda Halkara ykdysadyýetiniň integrasiýasyna we hyzmatdaşlygyna gulluk edip biljek sebitleýin we kontinental ähmiýetli transport ugurlaryny döretmäge mümkinçiligi bolan infrastrukturamyzy doly derejede ulanmaklyga esas bolup durýar. Lazurit geçelgesi BMG-nyň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde transport geçelgeleriniň oruny baradaky rezolýusiýalaryndaky amallaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine mysal bolup hyzmat edýär.
Fakultatiw talyplary gyzyklandyran soraglar boýunça gürrüň etmek üçin oňat mümkinçilik boldy. Bu çäre Türkmenistanyň transport-logistika pudagy, onuň ähmiýeti, tutýan oruny we ösüşiniň tendensiýasy baradaky maglumatlaryň öwredilmegi boýunça okuw jaýlarynyň işine goşant goşdy.