Häzirki zaman logistikanyň ähmiýetli ugurlary, tegelek stoluň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

29.03.2021

Häzirki zaman dünýäsi örän tiz kämilleşýär. Täze tehnologiýalar peýda bolýar, täze işewürlik maksatnamalary işlenip düzülýär, hatda adamyň ýokary hilli hyzmatyň nämedigi we amatlylygyň hem-de rahatlygyň nähili görnüşde bolmalydygy baradaky pikirleri hem üýtgeýär. Logistikada hem, soňky ýyllarda köp zatlar üýtgedi we üýtgemegini dowam edýär. Geljekde bize näme garaşýar? Bu soraga jogap bermek üçin, dünýä logistikasynyň ähmiýetli ugurlaryny wagtal-wagtal seljerip durmak gerek.
«Women in Logistics and Transport Central Asia» (WiLAT) guramasy, USAID guramasynyň “Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky” maksatnamasynyň goldaw bermeginde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen bilelikde “Häzirki zaman logistikanyň ähmiýetli ugurlary” atly mowzuk bilen, Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäheri bilen göni aragatnaşykda, tegelek stol görnüşinde onlaýn-duşuşyk geçirildi.
Sessiýa WiLAT Central Asia-nyň başlygynyň orunbasary Aýžan Beýseýewa ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de WiLAT Central Asia-nyň başlygy Marina Kuzneçewskaýa we bu guramanyň Geňeşiniň agzalary çykyş etdiler.
Tegelek stoluň dowamynda, logistikanyň ösüşine täsir edýän global tendensiýalara syn edildi, çykyş edenler logistika pudagynda post-kowid döwründe bolup geçen hadysalar, geljekde nämelere garaşmalydygy we nähili çaklamalar edilýändigi barada gürrüň berdiler. Öňki adaty ýol ugurlarynyň üýtgemegi, logistiki çykdaýjylaryň artmagy sebäpli harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy barada, şeýle-de haýsy pudaklaryň has köp zyýan çekendigi, haýsylaryň bolsa peýda gazanandygy we häzirki wagtda ulag-logistika hyzmatlarynyň haýsylarynyň ähmiýetlidigi hakynda pikir alyşdylar.

Çeşme: Orient News