Astrahan oblastyndaTürkmenistanyň logistika merkezini döretmek.

07.04.2021

Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidenti Daşary işler ministrine we degişli döwlet edaralaryna Astrahan oblastynda logistika merkezini döretmek boýunça hyzmatdaşlygyň guramaçylyk we beýleki meseleleriň çözgüdini tapmagy we işiň amaly tapgyryna başlamagy tabşyrdy. Hazar sebitinde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmeginiň saýasynda, Astrahan ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi, haryt akymlarynyň işjeňleşmegine, iň az maliýe çykdaýjylary bilen gysga wagtyň içinde ýük daşama mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga kömek eder. Bu merkez ulag we ekspeditorçylyk kompaniýalaryna gümrük, dellalçylyk we beýleki hyzmatlary hödürlemek üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder. Bu tabşyrygy durmuşa geçirmek üçin, 2021-nji ýylyň  4-nji martynda Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky Doly ygtyýarly konsuly, “Lotos ýörite ykdysady zolagy” Paýdarlar jemgyýetiniň Baş müdiri bilen duşuşygynda, onlaýn görnüşde konferensiýa geçirmek barada ylalaşdylar. Konferensiýa Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary Agentliginiň goldawy bilen gurnaldy.
Astrahan oblastynyň portyndaky ýörite ykdysady zolagynyň çäginde Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagy boýunça meselelerine bagyşlanan bu wideokonferensiýa 2021-nji ýylyň 7-nji aprelinde geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky Doly ygtyýarly konsuly G.A. Garaýew we Astrahan şäherindäki “Lotos ýörite ykdysady zolagy” Paýdarlar Jemgyýetiniň baş müdiri S.Ýu. Miluşkin giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Türkmen tarapyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” Agentlikleriniň, Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hem-de “Ulag we logistika merkezi” Açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bu wideokonferensiýa gatnaşdylar. Astrahan tarapyndan “Lotos ýörite ykdysady zolagy” Paýdarlar Jemgyýetiniň Baş müdiri we orunbasary, onuň hyzmatdaş kompaniýalary bolan “Kaspiý” we “Kotlin SK” Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetleriň ýolbaşçylary, şeýle hem Astrahan oblastynyň döwlet dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şol sanda Ykdysady ösüş ministrliginiň, Oba hojalygy we balykçylyk senagaty ministrliginiň, Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary Agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatlaşmak üçin: Türkmenistandan Russiýa, Ýewropa, Günorta-Gündogar Aziýa, Hindistana we şol ýurtlardan yzyna iberilýän harytlaryň görnüşleri we mukdary; Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamalaryň geljegi we logistiki merkezi döretmek bilen baglanyşykly başga-da birnäçe meseleler orta atyldy.
Gatnaşyjylar “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde goşmaça ýük gatnawyny döretmek maksady bilen, Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini açmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirip, gozgalan meseleler boýunça pikir alyşdylar. Birnäçe kompaniýalar hem, portuň Ýörite ykdysady zolagynyň çäginde, öz taslamalaryny durmuşa geçirmäge isleg bildirýärler, çünki bu ýerde maýa goýujylar we rezidentler (şol sanda daşary ýurtlylar) hem salgyt we gümrük ýeňillikleri bilen üpjün edilýärler. Portuň Ýörite ykdysady zolagynyň rezidentlerine goşulan baha üçin salgyt salynmaýar, şeýle-de olar girdeýji, emläk hem-de ýer we ulag salgytlary boýunça ýeňillikli nyrhlardan peýdalanýarlar. Şeýle hem, bu ýerde erkin gümrük zolagy tertibinde hereket edilýär.
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek baradaky taslamasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar ykdysady strategiýasyna laýyklykda beren tabşyrygy esasynda amala aşyrylýar, bu strategiýa ýurdumyzyň Baştutany tarapyndan ilkinji gezek Hazar ykdysady forumynda öňe sürülipdi. Bu konsepsiýa, energetika, senagat, ulag we söwda ýaly pudaklarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirmeklige esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, Ýewropany we Aziýany birleşdirjek ulag-üstaşyr geçelgeleri we bar bolan ulag infrastrukturasyny, aýratyn hem deňiz portlaryny ösdürmeklik we netijeli ulanmaklyk möhüm bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Gepleşiklerden soň, taraplar bu taslama boýunça mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige gyzyklanma bildirdiler.