Ulag we kommunikasiýa toplumy üçin daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutjak täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde Aşgabat şäherinde maýa goýum forumy geçirilip tamamlandy. Bu ýurdumyzyň kiçi we orta kärhanalaryndan maýa goýumlaryny çekmek arkaly, pudagyň maddy we tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen guralan şeýle forumlaryň ilkinjisidir.
Foruma ýöriteleşdirilen agentlikleriň, paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleri hem-de ulag we aragatnaşyk pudagy ugrunda önüm öndürýän türkmen hususyýetçileri gatnaşdylar. Umumy ýygnak hem-de tegelek stol görnüşinde geçirilen ýygnanyşmalarda ýurtda importyň ornuny tutjak önümleriň önümçiligini giňeltmek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýük we ýolagçy otlularyny düýpli abatlamak, demir ýollarda ýük meýdançalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, öýjükli sim kartalary, akkumulýatorlary we kabelleri öndürmek baradaky teklipler orta goýuldy. Aýratyn hem ýük iberijiler bilen kabul edijileriň arasyndaky hyzmatlaryň sanlaşdyrmagy giň gürrüňler açyldy.
Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Prezidentiniň bazar ykdysadyýetine geçmek we hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmek baradaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri, döwlet bilen hususyýetçileriň hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak bolup durýar. Ulag-kommunikasiýa pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki oruny hem-de Türkmenistanyň dünýäde möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hem-de halkara söwda ýollarynyň çatrygy hökmündäki ornuny güýçlendirmek, bu infrastruktura içerki hususy maýa goýumlaryny çekmekligiň ähmiýetliligini şertlendirýär. Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginde logistik kompaniýalarynyň hem gyzyklanmasy bardyr. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri bu umumy ýygnanyşyklaryň ählisine işjeň gatnaşdylar.