Halkara ulag daşamalaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça okuw seminary.

14.04.2021

Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň wekilleri 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde internet platformasy (KUDO) arkaly onlaýn geçirilen seminara gatnaşdylar. Bu Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) Sekretariaty tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (UNECE) we Yslam Ösüş Banky (IsDB) bilen bilelikde guramagy meýilleşdirilen üç sany seminarlaryň nobatdaky ikinjisidir. Ol “ECO we ondan daşarky sebitleri HKD konwensiýasyna (Harytlaryň halkara daşamalary baradaky gümrük konwensiýasy) e-TIR ulgamy boýunça 11-nji goşundysynyň girizilmegine çagyrmak – Milli gümrük ulgamlarynyň eTIR halkara ulgamy bilen arabaglanyşygyny gazanmak” atly mowzuk bilen geçirildi.
Seminaryň birinji bölümi e-TIR ulgamynyň konseptual, funksional we tehniki aýratynlyklaryna bagyşlandy. Halkara ýol-ulag daşamalary we üstaşyr daşamalar boýunça, şeýle hem Halkara ulag birleşigi boýunça ýolbaşçylar, geňeşçiler we hünärmenler tarapyndan çykyşlar edildi. Ýygnanyşygyň ikinji bölüminde, ECO-nyň agza döwletleri halkara e-TIR ulgamy bilen baglanyşykly öz tejribeleri, şeýle-de meýilleşdirilýän synag taslamalary barada gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda, tegelek stoluň başynda maslahatlaşyklar geçirildi we gelnen netijeler hem-de teklipler taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňemegi, ýük daşamasynyň we logistika ulgamynyň ösüşine goşant goşýar. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy hem öz gezeginde, türkmen ulag we logistika kompaniýalarynyň şeýle seminarlara gatnaşmaklygy, olaryň bütin Ýewraziýa yklymynda alyp barýan işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagy üçin möhüm şert diýip hasaplaýar.