Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalarynyň hünärmenleri geljekki hünärmenlere işleriniň möhüm düzümleri barada gürrüň berýärler.

15.04.2021

“Ulag diplomatiýasy” boýunça goşmaça okuw sapaklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen “Türkmen logistika” Assosiasiýasynyň bilelikdäki gyzyklanmalary esasynda durmuşa geçirildi. Okuw maksatnamasy 16 umumy we 16 amaly sapaklardan, jemi 32 akademiki sagada meýilleşdirilen. Okuw sapaklary tamamlanandan soň, talyplara okuw maksatnamasyna girizilen mowzuklaryň islendik biri boýunça 5-7 minutlyk çykyş taýýarlamak ýumuşy beriler.
Geçirilýän sapaklaryň mowzuklary geljekki halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenlere şu aşakdaky ugurlardan bilim almagy üçin saýlanyldy:
– “Lapis – Lazuli” (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe), “Hazar deňzi-Gara deňiz” we “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman- Katar”   ulag we tranzit geçelgelerine Türkmenistanyň girişmeginiň ähmiýeti, aýratynlyklary we geljegi barada;
– “Kerki – Ymamnazar – Akina – Andhoý” we “Turgundi – Hyrat” halkara demir ýol gatnawlaryny hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol we awtoulag köprüleri ulanmaklygyň mümkinçilikleri we ähmiýeti barada;
– Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Hazarýaka döwletleriniň portlarynyň arasynda ulag aragatnaşygynyň işleri we mümkinçilikleri barada;
– Hazar deňzi – Wolga-Don kanaly ugrunyň üsti bilen Baltika portlaryna çykmaklygyň aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada;
– Deňize çykalgasy bolmadyk ösen ýurtlaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak baradaky Türkmenistanyň başlangyçlary barada.
Nobatdaky umumy we amaly okuw sapagynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzasy bolup durýan “Älem dostlugy” HJ-niň wekili “Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag geçelgesini durmuşa geçirmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara şertnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti” barada çykyş etdi.
Ulag we logistika kompaniýalarynyň hünärmenleri okuw sapaklaryna çekmek, geljekki hünärmenleri taýýarlamaklygyň täze we üstünlikli usulydyr. Talyplar täze amaly maglumatlary özleşdirýärler. Amaly tejribeler, talyplara kompaniýalarda işlemek üçin zerur bolan başarnyklary kämilleşdirmäge kömek eder.
“Ulag diplomatiýasy” boýunça goşmaça okuw sapaklar – halkara gatnaşyklary boýunça geljekki hünärmenler üçin möhüm we ähmiýetli başlangyçdyr. Ussat hünärmenler bilen geçirilen sapaklaryň gymmaty uludyr, olar talyplaryň, ähli ýurtlara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ulag we üstaşyr geçelgeleriniň ornuna we ähmiýetlerine has oňat düşünmeklerine kömek edýärler. “Ulag diplomatiýasy” boýunça goşmaça okuw sapaklary 2021-nji ýylyň 4-nji martda başlandy we 2021-nji ýylyň 17-nji iýunyna çenli dowam etdiriler.