Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň öňdebaryjy kompaniýalary gurluşyk we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

22.04.2021

Şu gün, 2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň hem-de «Caspian Energy Club» kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda B2B görnüşde wideo aragatnaşygy arkaly bilelikdäki işewürlik forumy geçirildi. Onlaýn duşuşyk Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň işleri we mümkinçilikleri barada maglumat alyşmak üçin işewürlik forumyny geçirmek barada deslapky ylalaşyk, aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň we «Caspian Energy Club» kompaniýasynyň wekilleriniň arasyndaky ilkinji tanyşlyk duşuşygynyň dowamynda ylalaşyldy.
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky we Azerbaýjan Respublikasyndaky Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri işewür forumyna gatnaşyjylara giriş sözleri bilen ýüzlendiler. Duşuşyga «Caspian Energy Club» kompaniýasynyň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Telman Aliýew ýolbaşçylyk etdi.
Işewürlik forumynyň birinji bölüminde, Bakunyň Halkara deňiz söwda portunyň, «LV Shipping & Transport» kompaniýasaynyň, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň, «North West Construction» kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň wekilleri öz kompaniýalarynyň işleri barada, hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalary we mümkinçilikleri barada çykyş etdiler.
Ikinji bölümde ulag we logistika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli soraglar we teklipler alyşyldy. Azerbaýjanyň wekilleri esasan hem tenderlere gatnaşmagyň, iş alyp barmaklygyň, Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilhanalaryny açmaklygyň şertleri barada gyzyklandylar. Hellmann Worldwide Logistics kompaniýasynyň Baş müdiri Kamran Habibow, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk açmaklyga gyzyklanma bildirdi. «Caspian Energy Club» kompaniýasynyň Başlygy we Baş ýerine ýetiriji direktory Telman Aliýewiň pikiriçe, belli bir kärhanalaryň özara işewürlik saparlary, duşuşyklary arkaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny gazanyp bolar. Şeýlelik bilen, işewürlik forumy, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň özara bähbitlerini bellemek we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça täsirli we gyzykly gepleşikler üçin platforma bolup hyzmat etdi.