Okuw sapagy geçirildi.

23.04.2021

Häzirki döwürde Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup Ulag diplomatiýasy çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Ulag diplomatiýasy” ugruna degişli   ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirilýär. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde tassyklanan meýilnamalara laýyklykda «Türkmen Logistika» Аssosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda fakultatiw okuw sapaklary alnyp barylýar hem-de olaryň netijeleri boýunça merkeziň diňleýjileri tarapyndan nutuklar, prezentasiýalar taýýarlanylýar.
2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Ulag diplomatiýasy” ugry boýunça fakultatiw okuw sapagynda «Türkmen Logistika» Аssosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sähra Amanowa “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesini amala aşyrmak hakyndaky dörtaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň ähmiýeti” atly tema boýunça diňleyji talyplaryň arasynda özara çekişme (debat) sapagyny geçirdi. Talyplar üçin okuw sapagy örän täsirli boldy.

Çeşme: HGI