“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bilen söhbetdeşlik.

07.05.2021
Jumadurdy Ilmuradowiç Kaibow: “Biziň iş ýörelgämiz: ýokary hil we hünär ussatlygy”

Jumadurdy Ilmuradowiç Kaibow, “Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” Hojalyk jemgyýetiniň müdiri

Siziň kompaniýaňyz ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny näçe wagt bäri amala aşyrýar?

“Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” kompaniýasy 2020-nji ýylyň awgust aýynda hasaba alyndy we orta telekeçilik kategoriýasyna degişli edildi. Biziň hususy awtoulaglarymyz we ammar meýdançalarymyz ýok, ilkinji nobatda, biz ulag we ekspeditorçylyk işleri boýunça hünärmenleriň topary. Biziň hödürleýän hyzmatlarymyzyň sanawynyň göwrümi ýeterlik derejede giňdir: ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň doly toplumyny üpjün etmek üçin, şertnama boýunça, şol sanda “Türkmenawtoulaglary” gullugyndan hem awtoulag we beýleki ulag görnüşlerini kärendesine alyp, ýük daşama hyzmatlaryny amala aşyrýarys.

Häzirki wagtda kompaniýaňyz tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň ähli ugurlary barada aýtsaňyz?

Ilki bilen, umumy (gaplanan) ýükleriň ekpeditorçylygy we daşamalary. Daşamalary amala aşyrmak bilen, biz müşderä ýükleriň öz wagtynda we doly abatlylykda eltip berjekdigimize kepil geçýäris we şonuň üçin potratçy-daşaýjylary aýratyn üns bilen saýlaýarys. Şeýle hem biz, ýükleriň hereketine, olaryň saklanyşyna we ekspedirlenmegine gözegçiligi, ulag resminamalarynyň bellige alynmagyny üpjün edýäris, müşderiler üçin iň amatly, şol sanda bahasy boýunça hem amatly şertlerde logistika zynjyrlaryny düzýäris.

Haýsy ugurlar boýunça ýük daşamalaryny amala aşyrýarsyňyz?

Türkmenistanyň çägi boýunça göwrümi 50 müň tonna çenli bolan orta umumy (gaplanan) görnüşli ýükleri daşaýarys.

Size bäsdeşlige ukyplylygy saklamaklyga näme kömek edýär?

Ýurduň içerki bazarynda ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny bilen meşgullanýanlaryň arasynda güýçli bäsdeşlik bar we müşderi olaryň içinden amatly nyrhlarda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän kompaniýany saýlaýar. Şonuň üçin biz, her bir müşderä indiwidual hyzmatlary hödürlemäge çalyşýarys, biziň esasy artykmaçlygymyz bolsa, hyzmatlaryň ýokary hili we işgärlerimiziň hünär ussatlygydyr. Biz işimizde, müşderileriň zerurlyklaryna ünsi çekýäris we müşderi üçin amatly bahalarda mümkin bolan iň ýokary hilli hyzmat bilen, olary  kanagatlandyrmaga çalyşýarys. Meniň pikirimçe, şonuň üçin hem, biziň ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň bazaryna ýaňy-ýakynda çykanymyza garamazdan, bizde eýýäm hemişeki müşderiler peýda boldylar. Olaryň bize bolan ynamynyň barha artmagy, biziň öz mümkinçiliklerimize bolan ynamymyzy berkidýär we müşderileriň sanyny artmagyna kömek edýär.

Näme üçin ýük daşamasyny özüň guramak däl-de, ekspeditorlara ýüz tutmak amatly?

Elbetde, ygtybarly ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy bilen işlemeklik, elbetde, köp sanly dürli daşaýjylar bilen gönüden-göni işleşmekden amatly bolup durýar, esasanam halkara gatnawlarynda. Meni ýokarda belläp geçişim ýaly, indi ýokary hilli toplumlaýyn hyzmatlara uly isleg bildirilýär.

Siz kompaniýaňyzy haýsy ugurlarda kämilleşdirmegi meýilleşdirýärsiňiz?

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitiniň çäkleri dünýä ähmiýetli möhüm ulag we üstaşyr merkezleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, ýurduň ulag pudagynyň ösdürilmegine uly üns çekýär hem-de Aziýa bilen Ýewropany iň gysga ýollar bilen birleşdirýän, şeýle hem sebitdäki söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we üznüksiz işlemegini üpjün edýän “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça halkara ulag aragatnaşygynda birleşdiriji, utgaşdyryjy ýurt hökmünde sebitleýin we kontinental ulgamlaryna goşulmaklyga uly ähmiýet berýär.
Türkmenistanyň ulag we logistika artykmaçlyklary hem-de eksporta gönükdirilen önümçiligiň ösdürilmegi “Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” hojalyk jemgyýetiniň geljekki ösüş mümkinçiliklerini hem kesgitleýär. Biz özümizde halkara gatnaşyklary bölümini döretdik we indi Belarusdaky, Ukrainadaky, Türkiýedäki we elbetde goňşy ýurtlardaky özümize deňdeş kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk açmak isleýäris. Biz özümize ammar meýdançalary, üstaşyr geçýän ulaglar üçin duralgalary gurmaklygy meýilleşdirýäris.

Siz “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalarynyň sanawyna girýärsiňiz. Size nähili goldaw berilýär?

“Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” kompaniýasy döredilen ilkinji günlerinden başlap, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalygyna girdi we bu biziň kompaniýamyzyň kemala gelmeginde hem-de ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynynyň bazarynda derejämiziň ýokarlanmagynda möhüm orun eýeledi.
Şeýle hem, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy daşary ýurt guramalary bilen tejribe alyşmak we ýardam berişmek, ulag we logistika pudagynda gatnaşyklary ýola goýmak, hünärmenler bilen hünär taýýarlygy geçmek ýaly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli çäreleri geçirýär.
Assosiasiýa, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalaryň federasiýasynyň (FIATA) assosirlenen agzasy bolmak bilen, türkmen ulag-ekspeditorçylyk kärhanalarynyň ýük daşamalaryň halkara derejesine çykmaklygy üçin mümkinçilikleri giňeldýär, bu bolsa bize uly artykmaçlyklary berýär. Ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşmak isleýärin, köp sanly okuwlara we seminarlara gatnaşmagymyzyň netijesinde, biz täze ukyplary we tejribeleri topladyk, bu bolsa kompaniýanyň hem-de onuň işgärleriniň geljekki ösüşi üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar.