“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary gümrük işleri boýunça onlaýn seminara gatnaşdylar.

21.05.2021

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy, Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamyndaky aýallaryň birleşigi (WiLAT) bilen bilelikde, USAID guramasynyň Merkezi Aziýada bäsdeşlik ukybyny, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunda (CTJ) taslamasynyň goldaw bermeginde “Carnet TIR, Carnet АТА kitapçalaryny ulanmak, Carnet TIR we e-CMR girizmegiň peýdalary” atly web-seminary geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy ýurtlaryň transport kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň we onuň agzalary bolan ulag we ekspeditor kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Web-seminarynyň alyp baryjysy bolup, “Seven R”-kompaniýasynyň Baş müdiri, WiLAT Merkezi Aziýanyň Dolandyryş geňeşiniň agzasy Oksana Sorokina çykyş etdi. Sebitde abraýy bolan 20 ýyllyk tejribeli logistika hünärmeni, halkara konteýner we multimodal ulag pudagy boýunça hünärmen hökmünde tanalmak bilen, ATA Carnet-iniň wagtlaýyn import / eksport üçin ulanylyşy barada jikme-jik maglumat berdi, oňaýly we oňaýsyz taraplaryny görkezdi, aýratynlyklary belläp geçdi, serhet geçelgelerinde TIR Carnetleri ulanmaklyk barada, ýüki iberiji / kabul ediji / daşaýjy / ekspeditor üçin e-CMR girizmegiň artykmaçlyklary, oňaýly taraplary we ornuny tutujylary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar TIR Carnet-leriň ulanylyşy, ýük daşaýjylar, deklarantlar, logistlar bilen baglanyşykly ýüzу çykyp biljek kynçylyklar barada gyzyklandylar. Elektron CMR ulgamynyň girizilmegi we “Carnet ATA”-nyň ulanylmagy biziň içerki ýük ekspeditor kompaniýalarymyz üçin öňde durýan wezipeleriň biri, şonuň üçin bu mowzuk diňleýjilerde uly seslenmä eýe boldy.
Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmen Döwletiniň halkara syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň köp ýurtlary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär we uzak möhletleýin esasda has netijeli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýe. Şu nukdaýnazardan, transport kompaniýalary üçin hem giň mümkinçilikler açylýar. Şonuň üçin olar üçin gümrük amallary, şertnamalary we konwensiýalary, olaryň ulanylyşy we artykmaçlyklary möhüm orun tutýar we “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri şeýle seminarlara elmydama uly gyzyklanma bilen gatnaşýarlar.