Häzirki döwürde Turkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup Ulag diplomatiýasy çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Turkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw usulyýet merkezinde «Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirildi. Bu merkezde tassyklanan meýilnama laýyklykda «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 4-nji martyndan 15-nji iýuny aralygynda «Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan- Gruziýa-Türkiýe» ulag geçelgesiniň ähmiýeti, «Turkmenbaşynyn Halkara deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Baku, Gazagystanyň Aktau, Kuruk, Russiýa Federasiýasynyň Astrahandaky Olýa halkara deňiz söwda portlary bilen özara gatnawlary ýola goýmagyň mümkinçilikleri», «Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry bilen Ýewropanyň Baltika deňzindäki portlaryna çykmaklygyň mümkinçilikleri», «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesini amala aşyrmak hakyndaky dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň ähmiýeti, «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar» ulag-üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýeti, «Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýoluny we awtomobil köprülerini doly güýjünde ulanmagyň mumkinçilikleri», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan dowletleriň ulag-üstaşyr mumkinçilikleri we bu babatda Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlary», «Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý» we «Turgundy-Hyrat» ugurlar boýunça halkara demir ýollarynyň mumkinçilikleri atly temalardan umumy we amaly sapaklar ýokary derejeli hünärmenler we bilermenler tarapyndan geçirildi. «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça fakultatiw okuwlaryň diňleýji talyplaryna ýörite Sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin okuw sapaklary örän täsirli boldy.
Çeşme: HGI