“Türkmen Logistika”Assosiasiýanyň taryhynda şanly gün.

25.06.2021

2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň işe başlanyndan bäri 1 ýylyň dolmagy mynasybetli, Assosiasiýanyň agzalary bilen bilelikde Umumy ýygnagyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu dabaraly günüň dowamynda, Assosiasiýanyň agzalary ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem ulag we logistika pudagy boýunça geljekde ähmiýet berilmeli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşarlar.
Bilelikdäki tagallalarymyzyň getiren miweleri, ilkinji ýyllyk baýramymyzy iki esse ähmiýetli edýär. Assosiasiýa özüniň döredilen gününden bäri, Türkmenistanda logistika hyzmatlary üçin ýokary hilli bazaryň emele gelmegine goşant goşmak, şeýle hem, bütindünýä ulag we logistika toruna goşulmak bilen, bu infrastrukturanyň netijeliligini we bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşmeklige çagyrýar.