“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bir ýylyň dowamynda alnyp barylan işleriň netijelerini jemledi.

30.06.2021

2021-nji ýylyň iýun aýynyň 30-na “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalarynyň Umumy ýygnagy geçirildi. Gün tertibinde logistika pudagynyň milli we global derejeleri, onuň geljekki ösüş ýollary bilen baglanyşykly möhüm soraglar galdyryldy.
Ýygnagyň başynda, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygy gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Jemgyýetçilik birleşiginiň döredilmeginiň birinji ýyllygy mynasybetli ýygnanyşanlary gutlamak bilen, ähli kärhanalaryň ýolbaşçylaryna Assosiasiýanyň işine bilelikde gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Biziň ählimiz bir ýere birleşmek bilen, alyp barýan işlerimizde netijeli gepleşikleri we umumy strategiýany döretmek üçin bütewi platformany döretdik. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň “Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň Federasiýasyna (FIATA)” assosirlenen agza hökmünde kabul edilmegi hem-de GDA ýurtlarynyň, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýöriteleşdirilen birleşmeleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda şertnamalara gol çekilmegi bilen, biz wajyp üstünliklere ýetdik diýip hasaplaýarys” – diýip, Başlygyň orunbasary W.A.Kadyrow özüniň gutlag çykyşynda belläp geçdi.
Ýerine ýetirilen işleriň hasabatlary, ulag we logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dolduryldy.
Assosiasiýanyň döredilmegi – bu döwrüň talaplaryna hem-de döwletiň we hususy telekeçiligiň bähbitlerine laýyk gelýän wakadyr. Assosiasiýanyň alyp barýan işi, Türkmenistanda ýokary hilli logistika bazarynyň emele gelmegine, şeýle hem dünýä ulag we logistika toruna goşulyşmakda, Türkmenistanyň ulag we logistika infrastrukturasynyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda kömek edýär. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ukraina, Belarus, Gruziýa, Türkiýe we beýleki ýurtlaryň işewür toparlary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Daşary ýurtlardaky ulag we logistika pudagynda iş alyp barýan birleşikler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ulag we ekspeditorçylyk hyzmatlaryny bermekde halkara tejribesini öwrenmeklik üçin Assosiasiýa, Ýük daşamalarynda innowasion sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça okuw seminarlaryna öz agzalarynyň gatnaşmagyna ýardam etdi.
Umumy ýygnaga çagyrylan myhmanlaryň biri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Çaryýew Perhat, Halkara gatnaşyklary instituty bilen “Türkmen logistika” Assosiasiýasynyň bilelikde, halkara gatnaşyklary boýunça geljekki hünärmenler üçin “Ulag diplomatiýasy” boýunça yzygiderli goşmaça sapaklary geçirmek boýunça başlangyçlaryň uly ähmiýetli netijelere eýe bolandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygyna Hoşallyk hatyny gowşurdy.
Assosiasiýanyň we onuň Müdiriýetiniň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlar diňlenilenden soň, Umumy ýygnaga gatnaşanlaryň hemmesi, ýylyň dowamynda alnyp barylan işler kanagatlanarly diýip ykrar etdiler.
Şeýle hem, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň döredilmeginiň ilkinji ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ýollanan wideo görnüşli  gutlaglary görkezildi.