Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň Ýük daşaýjylar we ekspeditorçylar assosiasiýalarynyň Federasiýasy (CFCFA), “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen bilelikde hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

12.08.2021

Duşuşyk Ýük daşaýjylar we ekspeditorçylar assosiasiýalarynyň Federasiýasynyň (CFCFA) – CAREC başlangyjy bilen gurnaldy we 12-nji awgustda onlaýn görnüşde geçirildi. Duşuşyga maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň adyndan CFCFA-nyň sekretariaty we Aziýa ösüş bankynyň hünärmeni, şeýle hem “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň müdiriýetiň agzalary gatnaşdylar.
CFCFA-nyň wekilleri Türkmen ýük daşaýjylaryna Federasiýanyň maksatlary, wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryp, CFCFA-nyň CAREC maksatnamasynyň söwda alyş-çalyşygyny, söwda syýasatyny ösdürmek we gümrük amallaryny gowulandyrmak ugrundaky alyp barýan tagallalaryny öňe sürýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. CFCFA-nyň wekilleri, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gyzyklanma bildirip, özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekişmegi teklip etdiler we şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek CAREC-iň onlaýn konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrdylar.
Öz gezeginde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary Assosiasiýanyň alyp barýan işi barada aýdyp geçmek bilen, türkmen ulag-ekspeditorçylyk we logistika kompaniýalary üçin CFCFA-nyň işine gatnaşmaga gyzyklanmanyň bardygyny bellediler. Bu, esasanam, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde innowasion logistika infrastrukturasy bilen berkidilen ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty astynda ähmiýetli bolup durýar.
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” MSZ-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň duşuşygynyň we onuň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gelinen ylalaşyklaryň saýasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljekki hyzmatdaşlygy, bu sebitiň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň üstaşyr geçiş şertlerini gowulandyrmak üçin täze mümkinçilikler açar diýip umyt edýäris.