Türkmenistanyň we Ukrainanyň ulag we logistika kompaniýalarynyň arasynda geçirilen webinaryň dowamynda pudagyň ösüşine degişli täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

27.08.2021

“Ukraina-Türkmenistan: Halkara sanly, toplumlaýyn söwda we logistika platformasy, olaryň işleýşi” atly onlaýn webinaryň barşynda ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleri özara tejribe alyşdylar we sanly çözgütleriň we platformalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňky ýyllarda pandemiýa we onuň ykdysadyýete ýetirýän täsirleri logistik kompaniýalarynyň işine uly üýtgeşmeleri getirdi. Bu ýagdaý, ulag we logistika kompaniýalaryna, her bir ýurtda girizilen çäklendirmeler we ýük daşama usullarynyň üýtgemegi şertlerinde, netijeli işlemek üçin wajyp çözgütleri tapmaga we durmuşa geçirmäge itergi berdi.
Duşuşygyň birinji böleginde, Ukrainanyň wekilleri özleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar we ulag-logistika kompaniýalarynyň pandemiýa garşy çözgütleri barada söhbet etdiler. Bellenip geçilişi ýaly, kompaniýalar ýük daşamalar üçin täze ugurlary gözlemek bilen, awtomobil we deňiz gatnawlaryny bilen bir hatarda konteýnerleri ulanmaklygy saýlaýarlar. Şu nukdaýnazardan, ukrain kompaniýalary Türkmenistanyň üstaşyr we logistiki mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirmek bilen, häzirki zaman logistika infrastrukturasynda daşary ýurt ulag-logistika kompaniýalarynyň täze ugurlar boýunça Aziýadan Ýewropa konteýner daşamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin amatly şertleriň döredilendigini bellediler.
Şeýle hem, täze şertlerde ulag we logistika pudagynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, webinara gatnaşyjylar logistikada sanly ulgamy ulanmak arkaly, ýük daşamalaryň ösüşi üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtadylar. Bu ulag logistikasynyň durnukly ösmeginiň iň möhüm ugry bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda Ukrainanyň wekilleri sanly ulgamyň täze usullaryny netijeli ulanmaklygyň tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Türkmenistan hem ulag pudagynda sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçmegi, önümçilik we hyzmat ediş pudaklaryna ylmy taslamalaryň girizilmegi boýunça maksatnamalaýyn işler geçirilýär.