Bu ylalaşyk, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşiklerde gazanyldy. Täjigistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 4-5-nji awgustynda döwlet sapary bilen Türkmenistanda bolupdy.
Iki ýurduň geografiki ýagdaýlary we aralarynyň ýakynlygy, bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygyň ähmiýetini kesgitleýändigini belläp, Täjigistanyň Prezidenti, dostlukly Türkmenistanyň çäginde awtoulag we demir ýol arkaly halkara ýük daşamagynyň mukdaryny dikeltmäge we artdyrmaga gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Täjigistanyň täjirçilik bähbitlerini göz öňünde tutup, iki döwletiň howa giňişligini we sebitlerini ulanmak bilen göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryň gaýtadan dikeldilmegi barada ylalaşyk gazanylandygy barada belläp geçdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde jogapkär edaralara ýük daşamalarda iň amatly ugurlary ulanmaklyk üçin, Täjigistandan gelýän ýükleriň Türkmenistanyň çäginden gury ýer arkaly daşamakda ýeňillikleri girizmek meselesini öwrenmegi tabşyrmagyň maksadalaýykdygyny nygtady.
Gazanylan ylalaşyklar, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan, Demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk barada hem-de Ýükleriň we ýolagçylaryň daşamalary we üstaşyr geçirmeler baradaky gol çekilen Şertnamalar bilen berkidildi.