“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň we onuň agzalarynyň wekilleri ÝHHG-nyň Aşgabat şäherindäki Merkezi tarapyndan gurnalan onlaýn-seminaryna gatnaşdylar.

08.09.2021

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 7-den 8-i aralygynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabat şäherindäki Merkezi tarapyndan “Gümrük we ulag amallarynyň döwrebaplaşdyrmak – ulag pudagynyň dolandyryşyny kämilleşdirmekligiň we adatdan daşary ýagdaýlarda ulag howpsuzlygyny güýçlendirmekligiň guraly” atly onlaýn-seminary gurnalyp geçirildi.
Seminaryň başynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň syýasy-harby meseleler boýunça geňeşçisi hem-de Merkeziň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi William Lif gutlag sözleri bilen gatnaşyjylary garşylady. Çykyş etmeklik üçin halkara derejeli hünärmenler: Ulag diplomatiýasy merkeziniň geňeşçisi we şol bir wagtyň özünde “Rus demir ýollary” Paýdarlar jemgyýetiniň Daşary ýurt taslamalary we halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri – jenap Aleksandr Zaboýew hem-de Syýasat we dolandyryş boýunça maslahat beriş kompaniýasynyň (PMCG Consulting) Gümrük meseleleri we söwdany ýeňilleşdirmek boýunça hünärmeni – jenap Bondo Bolkwadze dagylar çagyryldylar.
Ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek üçin tehnologiýalary ulanmak, ulag we üstaşyr amallaryny kanuny taýdan ýönekeýleşdirmek, gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem global pandemiýasynyň täsirindäki adatdan daşary ýagdaýlarda gümrük nokatlarynyň iş alyp barmagy ýaly mowzuklar açyldy. Her sessiýadan soň sorag-jogap görnüşinde söhbetdeşlikler geçirildi.
Seminara Döwlet edaralary bilen bilelikde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalygyna girýän ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Assosiasiýa, Türkmenistanyň ulag pudagynyň ösüşine hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmaklygy üçin halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagy dowam eder.