«Beýik ýüpek ýoly» hususy kärhanasy 11 ýaşynda.

27.09.2021

Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ilimizde, baýramlar goşa-goşadan gelýär. Şu gün, 27 sentýabrda ýurdumyzda şanly Garaşsyzlyk baýramy bellenilýän günde, «Beýik ýüpek ýoly» hususy kärhanasy üçin hem dabaraly günleriň biri – bu gün kompaniýanyň döredilmegine 11 ýyl dolýar. Şu günki gün, «Beýik ýüpek ýoly» hususy kärhanasy ulag we logistika pudagyndaky iň tanalýan kompaniýalarynyň biridir. Döredilen gününden bu ýana, “Beýik ýüpek ýoly” kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde we dünýä boýunça multimodal ugurlar bilen ähli görnüşli ýükleri daşamak boýunça ýokary hilli hyzmatlary hödürläp gelýär. Kompaniýanyň ýerine ýetirýän işleri diňe bir ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlary ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem hem umumy, agyr we gabaraly ýükler bilen bir hatarda halkara ülňülere gabat gelýän logistika hyzmatlarynyň ählisini ýerine ýetirip gelýärler.
«Beýik ýüpek ýoly» hususy kärhanasyny halkara çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýän DHL Express kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi agenti hökmünde çykyş edip, dünýäniň 130-dan gowrak ýurtlaryna «gapydan gapa» ýörelgesine görä halkara poçta ugratmalarynyň eksportyny we importyny amala aşyrýar. 2020-nji ýylda bolsa «Toyota Central Asia» bilen resmi dillerlik ylalaşygyna gol çekmek bilen, iň iri we tanymal ýapon awtoulag öndürijisiniň Türkmenistandaky resmi dilleri bolýar.
Şeýle hem «Beýik ýüpek ýoly» hususy kärhanasy 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda öz işini başlan «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň döredilmeginde öz başlangyçlary bilen çykyş eden ulag we logistika kärhanalarynyň biridigini hem bellemek gerekdir.
«Beýik ýüpek ýoly» hususy kärhanasynyň ähli işgärlerini şanly senämiz – berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem kompaniýanyň döredilmeginiň 11 ýyllygy bilen tüýs ýüregimizden gutlamak bilen, ygtybarlylyk, durnuklylyk we işewürlik üstünligini arzuw edýäris! Goý, toýlary toýlara ulaşýan türkmen ilimizde, her bir gün hoşniýetli we şatlykly bolsun! Saglyk, bagt, şeýle hem hünär üstünliklerini arzuw edýäris!