11-nji Merkezi Aziýa söwda forumy tamamlandy.

08.10.2021

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) gurnamagynda ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň şanyna geçirilen çäre şu gün tamamlandy. Her ýyl geçirilýän bu forum, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň COVID-19 keseliniň täsirinden soňky döwür ykdysadyýeti dikeltmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin maglumat, tejribe we beýleki teklipler alyşmak üçin özboluşly platformasyna öwrüldi. Forum göni wideoaragatnaşyk arkaly geçmek bilen, dürli ugurlardaky hünärmenleriň, sebitleýin guramalaryň, döwlet we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda gyzykly çykyşlardan we  söhbetdeşliklerden ybarat boldy. Gatnaşyjylar interaktiw onlaýn sessiýalara, tegelek stollara we beýleki webinarlara gatnaşmak bilen, Merkezi Aziýada pandemiýadan soňky ýagdaýlary, ýurtlaryň içerki amallary we pandemiýa döwründen soň söwdany durnukly höweslendirmek, syýahatçylyk pudagyny sebitiň ulag mümkinçilikleri dikeltmek şeýle hem esasy oba hojalygy we taýýar azyk önümlerini üstaşyr daşamak babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, Merkezi Aziýada durnukly suw üpjünçiligi, ulag we logistika pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler we çözgütler foruma gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Geçirilen forumda Merkezi Aziýa sebitiniň wekilleriniň arasynda özara tejribe alyşmak, şeýle hem her bir pudakdaky seljermeleriň esasynda teklipleri bermek boýunça üstünlikli netijeler gazanyldy.