Türkmenistanyň we Russiýanyň iň uly işewür birleşikleri bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

21.10.2021

2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne “Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze mümkinçilikleri” atly mowzuk bilen VIII türkmen-rus ykdysady forumy ZOOM internet platformasy arkaly geçirildi.
Russiýa bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň bilelikde geçiren nobatdaky çäresiniň gün tertibinde senagat hyzmatdaşlygy, iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmekligi, gurluşyk önümçiligi, agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklary, sanly tehnologiýalar we logistika ýaly soraglar boýunça gepleşikler alnyp baryldy.
Foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň arasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Russiýanyň Eksport merkeziniň, “Rus demir ýollary Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk ministrliginiň, Astrahan oblastynyň Söwda-senagat edaralarynyň Birleşiginiň, Sankt-Peterburgyň Söwda-senagat edarasynyň we beýleki edaralaryň wekilleri hem işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça teklipleri bilen çykyş etdiler.
Duşuşykda maýa goýum taslamalaryna hem-de täze şertlerde iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine analitik syn berildi. Şeýle hem, Eýran harytlaryny Russiýa Federasiýasyna daşamak üçin Türkmenistanyň logistik mümkinçiliklerine, eksport-import amallaryny kadalaşdyrmakda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyna, türkmen dokma önümlerini Russiýa Federasiýasyna eksport etmek üçin maddy-tehniki mümkinçiliklerine garadylar.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça, şol sanda gurluşyk materiallaryny öndürmek we ýaşaýyş jaý gurluşygy boýunça köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň ahyrynda hyzmatdaşlyk hakynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Çeşme: Orient.tm