Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew uzak möhletleýin meýilnamalaryň çäginde, Gazagystana tarap gönükdirilen täze ýol aragatnaşyklarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygyny belläp geçdiler.
2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ne Aşgabat şäherine döwlet saparynyň çäklerinde, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ulag we üstaşyr ulgamy bu ikitaraplaýyn gepleşikleriň mowzuklarynyň biri boldy. Strategiki taýdan möhüm geografiki ýerleşişi bolan Türkmenistan bilen Gazagystan, halkara ulag geçelgeleri boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler. Şunuň esasynda, Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berilýär. Esasy wezipeleriň biri bolup, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugurynyň ýük bilen doly üpjün edilmegi bolup durýar, şeýle-de nyrh syýasatyny işläp düzmegiň hem-de ulag daşamalaryň mukdarynyň artmagyny gazanmak üçin iki ýurduň hem ulag şertlerini kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtalýar.
Häzirki wagtda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan ugurynda we ondan aňyry Pars aýlagyna çenli demir ýol we multimodal ulag aragatnaşygyny ýola goýmak, ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmak boýunça Hytaý tarapy bilen işler alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmeklik üçin kanuny esas işlenilip düzülýär.
Logistika hyzmatdaşlygy pudagynda ileri tutulýan ugur – Kaspi portlary bolan Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy portlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.
Awtoulag ýol aragatnaşygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistandan Gazagystana tarap täze ýol açmak üçin Garabogaz aýlagynyň üsti bilen geçýän köpri gurulmagy meýilleşdirilýär. Gazagystan bu uly geljegi bolan taslamany bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda, Mangistau oblasty bilen Balkan welaýatynda awtoulag ýük terminaly bilen üpjün edilen Ýörite serhet söwda zolagyny döretmek barada teklip edildi.
Ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň degişli edaralarynyň arasynda birnäçe memorandumlara we şertnamalara gol çekildi.