“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri halkara ulag daşamalary boýunça seminara gatnaşdylar.

03.11.2021

2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy BMG-nyň Halkara ýollary bilen ýükleri daşamak baradaky şertnamasy (CMR) baradaky BMG-nyň Konwensiýasynyň hem-de onuň teswirnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça seminaryň gatnaşyjysy boldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariaty tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (UNECE) we Yslam Ösüş Banky bilen bilelikde gurnalan seminar internet arkaly geçirildi. Seminaryň dowamynda CMR Konwensiýasynyň we e-CMR teswirnamasynyň ulanylyşynyň ähmiýeti we üstünlikleri bellenilip geçildi.
Türkmenistan, häzirki wagtda daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bilen, ulag pudagynda ýakyndan we giňden halkara hyzmatdaşlygy maksat edinýär, halkara ýük daşamalaryň kanuny esaslaryna we söwda amallaryny ýeňilleşdirýän dürli sanly ulgamlaryň we gurallaryň ulanyşa girizilmegine uly ähmiýet berýär. Şeýle seminarlar, türkmen kompaniýalarynyň Ýewraziýa yklymynda ulag we logistiki amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin halkara ýük daşamalaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça gyzykly gepleşikleri alyp barmaklygy üçin oňat mümkinçilik bolup durýar.