“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalarynyň ýeten sepgitleri.

04.11.2021

2021-bji ýylyň 3-nji noýabrynda “Amatly-Ýollar” HJ-ne ulag we ekspeditorçylyk hyzmatlary pudagynda halkara standartlary bolan ISO 9001 hil şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şahadatnama Slowakiýanyň milli akkreditasiýa gullugy tarapyndan tassyklanan Cert International – Sertifikasiýa boýunça Halkara Guramasy tarapyndan gowşuryldy.
Häzirki wagtda “Amatly-Ýollar” HJ ýurdumyzyň içinde we onuň daşynda öz ýokary hilli ekspeditorçylyk hyzmatlaryny hödürleýän, ulaglaryň ähli görnüşi bilen ýük daşamagy guraýan öňdebaryjy ekspeditor kompaniýalarynyň biridir. TLA (Türkmen Logistika Assosiasiýasy), FIATA ((Ekspeditorçylyk Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasy) ýaly ulag we logistika pudagyndaky birleşikleriniň agzasy bolmak bilen, jemgyýet öz hünär derejesiniň ýokarylygyny we ygtybarlylygyny ýene bir gezek tassyklaýar. “Amatly-Ýollar” HJ-iň alyp barýan işinde ileri tutulýan ugurlary: ulag we ekspeditorçylyk hyzmatlaryny hödürlemek; GDA ýurtlarynyň, Ewropa we Aziýanyň çäklerinden ýükleri daşamak; harytlary saklamak we ammar bilen üpjün etmek; Türkmenbaşy halkara deňiz portunda agentirleme hyzmatlary bilen üpjün etmek; agyr we gabarasy uly  ýükleri daşamak üçin ýörite rugsatnamalary hasaba almak; daşary ýurtly sürüjiler üçin Türkmenistana wiza almak üçin çakylyk bermek; dellalçylyk hyzmatlaryny bermekdir.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy “Amatly-Ýollar” HJ bu üstünlik bilen gutlaýar.

Çeşme: turkmenportal.com