2021-nji ýyl boýunça FIATA-nyň Umumy ýygnagy geçirildi.

19.11.2021

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ne “Ekspeditorçylyk Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň” Umumy ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň gün tertibinde, guramanyň işiniň geljekki ösüşi, 2020-nji ýyl üçin ýyllyk hasabaty tassyklanmagy, 2022-nji ýylyň býudjetiniň tassyklanmagy, guramanyň tertipnamasyna üýtgeşmeleriň girizilmegi hem-de guramanyň ýolbaşçy düzüminiň bellenen möhletleriniň tamamlanmagy bilen, täze ýolbaşçy düzüminiň saýlawlary geçirildi.
Duşuşygyň ahyrynda, guramanyň Prezidenti wezipesine belleniş dabarasy geçirildi. Häzirki wagta çenli, FIATA-nyň uly wise-prezidenti wezipesinde zähmet çekip gelen Bolgariýaly jenap Iwan Petrow guramanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy, 2020-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri FIATA guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu gurama bilen “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny,  Türkmenistanyň ulag pudagyndaky uly özgerişlikleriniň netijesinde, Ýewraziýa giňişligindäki möhüm ulag we üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrülýänligi bilen şertlendirmek bolar. Mundan başga-da, Hazar sebitinde emele gelen logistika zynjyrynyň, ýük daşamalarynda ähli görnüşli ulaglary ulanmak bilen, ýük akymlaryny utgaşdyrmaklyga mümkinçilik berýändigini bellemek gerekdir.