2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-na Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna degişli ýurtlaryň işewürlik forumy geçirildi.

26.11.2021

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de 2021-nji ýylda Türkmenistanyň baştutanlygyndaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň howandarlygynda, Aşgabat şäherinde gurnalyp geçirildi. Forum döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we YHG degişli ýurtlaryň işewür gurluşlarynyň wekillerini özünde jemledi. Gatnaşyjylar işewürlik gatnaşyklaryň giňeldilmegine, umumy bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin maýa goýumlaryň gönükdirilmegine, söwda-ykdysady hem-de ulag-logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga esasy ünsi çekdiler.
Gutlag sözleri bilen YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň baş sekretary hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyş etdiler.
Forumyň iş meýilnamasy üç sany tematiki sessiýa görnüşinde geçirildi hem-de  YHG agza ýurtlaryň wekilleriniň, şol sanda degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny öz içine aldy. Çykyş edenler sanlaşdyrylma we elektron söwda platformalaryny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de senagatda, oba-hojalygynda, gurluşykda, gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde we syýahatçylykda umumy bähbitli maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary döretmek boýunça başlangyçlary we teklipleri hödürlediler. Aýratyn bir sessiýanyň mazmuny, YHG-nyň agza ýurtlarynyň multimodal üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmaga gönükdirilen ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy.
YHG platformasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň hem-de işewür toparlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin täsirli mümkinçilik bolup hyzmat etdi.