Halkara Bitaraplyk güni.

12.12.2021

2017-nji ýylyň fewral aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Bitaraplygyny geosyýasy deňagramlylygyň hem-de durnuklylygyň görkezijisi hökmünde ykrar etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda dekabr aýynyň 12-si – Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň taryhynda ilkinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada” karar kabul edildi. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Bitaraplygy hemişelik Bitarap döwletiň statusyny resmileşdirmegiň düýpgöter täze görnüşi we usuly hökmünde taryha girdi. Türkmenistanyň Bitaraplygy haýsydyr bir uruşlaryň we şertnamalaryň netijelerine esaslanman, özbaşdak saýlawyň netijesinde, garaşsyz Türkmenistan tarapyndan meýletin beýan edilmegi we bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegine esaslanýar. Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk statusynyň ornuny, öz sebitindäki we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan goşandyny hem-de Türkmenistanyň durnukly ösüşe gönükdirilen başlangyçlaryny ykrar etmek üçin, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-nyň Baş Assambleýasy öz rezolýusiýasy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy statusyny goldaýandygyny gaýtadan tassyklady.
Hemişelik Bitaraplyk statusyndan gelip çykýan anyk we aýdyň ýörelgelere esaslanmak bilen, Türkmenistan uzak möhletleýin daşary syýasatyny we
geo-ykdysady strategiýasyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň ýörelgelerine esaslanýan “açyk gapylar” syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, ýurduň diňe bir sosial-ykdysady taýdan durnukly ösüşine sebäp bolman, eýsem daşary ýurtlaryň sebitleýin we sebitara gatnaşyklarynyň ösmegine hem täsir edýär.
Oňyn Bitaraplyk syýasaty, döwletara hyzmatdaşlygynyň bu nusgasyna dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny artdyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-nyň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň tarapdarlarynyň topary döredildi. Şeýle hem, Türkmenistan tarapyndan, döwletara meseleleri çözmekde Bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça BMG-nyň Kadalar toplumy işlenip düzüldi. Türkmenistanda BMG-nyň Merkezi Aziýa boýunça Öňüni alyş diplomatiýa merkezi ýerleşip, öňüni alyş diplomatiýasy arkaly sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmany berkitmek ugrunda gullugyny alyp barýar.
Türkmen Logistika” Assosiasiýasy, Sizi ýetip gelýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýär.
Goý, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň bütin dünýäde at-abraýy we şan-şöhraty has-da belende ýaňlansyn!