2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 16-na Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ösüşine bagyşlanan türkmen eksport edijileriniň hem-de «Sanly ykdysadyýeti söwda ulgamyna netijeli ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler we öňdebaryjy tejribeler» atly halkara maslahaty geçirildi.
Bu maslahat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalyp geçirildi.
Maslahatda, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bank edaralarynyň, eksport önümlerini öndüriji we ýük daşaýjy kärhanalaryň wekillerinyň gatnaşmaklygynda, ýurduň eksport mümkinçiliklerini sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmekligiň nazarynda netijeli ulanmaklygyň hemmetaraplaýyn meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat üç sessiýadan ybarat bolup, olaryň dowamynda “2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary söwda strategiýasy”, onuň maksatlary we wezipeleri beýan edildi, şeýle hem Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerine syn berildi, olaryň hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlik ukybyny berkitmek hem-de eksport gözegçiligini ýokarlandyrmak baradaky pikirler we teklipler alyşyldy.
Halkara Söwda Guramasynyň wekili öz eden çykyşynda, halkara tejribesini göz öňünde tutmak bilen, eksport edijilerine döwlet tarapyndan goldaw berilmegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmaklyk, Türkmenistanyň Prezidentiniň bazar ykdysadyýetine geçmegi we hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmek babatyndaky alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýar.
Türkmenistanyň ulag we ekspeditorçylyk kärhanalarynyň mümkinçilikleri we türkmen eksport harytlaryny daşamaklyk üçin amatly ugurlar barada “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary çykyş etdi.
Mundan başga-da, maslahatda “Sankt-Peterburgyň Halkara haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň wekili tarapyndan “Bir penjire ulgamynyň” üsti bilen, gümrük amallaryny, resminama alyş-çalyşygyny ýönekeýleşdirmegiň we tizleşdirmegiň ähmiýetleri barada, şeýle-de Halkara Söwda Merkeziniň (ITC) wekili tarapyndan Türkmenistanda eksport, import we üstaşyr amallary boýunça “Türkmenistanyň söwda portaly” maglumat binýady we onuň ähmiýetleri barada çykyş etdiler.
Geçirilen maslahat, Türkmenistanyň söwda ulgamyna sanly ykdysadyýeti netijeli ornaşdyrmak üçin ähmiýet berilmeklige degişli çözgütleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.