Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle-de Türkmenistanyň üstaşyr ýük geçirijilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek we artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde, “Türkmenistanyň Ulag – logistika merkezi” AGPJ-nyň, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hem-de “Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner otlylaryny gurnamak işleri boýunça halkara utgaşdyryjy merkeziniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana demir ýol arkaly ýük daşama ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamakda täze ugurlary öwrenmekligiň ähmiýetine aýratyn üns çekdiler.
Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, ulag ulgamyndaky mümkinçilikleri ösdürmäge, şunuň bilen birlikde Türkmenistan sebitara we yklymara ähmiýetli möhüm ulag we logistika merkezine öwürmäge ýol açýar. Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerini öz içine alýan oňaýly, ykdasy taýdan bähbitli hem-de howpsuz halkara ýol geçelgeleri döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda, taraplar mundan beýläk hem bu ugurdaky gepleşikleri alyp barmaklyga gyzyklanma bildirdiler.