Nazaryýet we amaly okuwlaryň bitewileşmeginde geljegi dolandyrmak.

11.02.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy düzüldi. Meýilnama ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwlet we hususy taraplaryň wekilleri bilen bilelikde talyplar üçin online fakultatiw we amaly sapaklary, ulag pudagynyň hünärmenleri bilen tegelek stollary, maslahatlary, seminarlary we webinarlary  we beýleki çäreleri geçirmekligi öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda: «Ýaşlara berjek öwüdim — hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň! Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şo­ňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy diýip hasaplaýaryn», – diýip, ýaşlara öwüt berdi.
Fakultatiw okuw sapaklarynyň we beýleki çäreleriň geçirmegiň esasy maksady, geljekki hünärmenlere Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan ulag syýasaty we diplomatiýasy, şeýle hem ýurdumyzyň ulag pudagynyň mümkinçilikleri, durnukly söwda we ykdysady gatnaşyklary berkitmekde Türkmenistan tarapyndan ulag we üstaşyr geçelgeleri sebitara derejede işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat bermek bolup durýar.
Geçirilýän okuw sapaklaryna ulag we logistika kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagy bolsa, geljekki hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamagyň täze we üstünlikli usulydyr. Ulag ulgamynyň hünärmenleriň iş tejribesi talyplara ýurduň ulag we logistika pudagynda işlemek we bu pudagy kämilleşdirmek üçin zerur bolan başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berer.
Meýilnama laýyklykda şu ýylky fakultatiw okuw sapaklary fewral – dekabr aýlary arasynda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, talyplar bilen ilkinji duşuşyk fewral aýynyň 10-na “Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirildi.