“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalaryň sanawy täze kärhanalar bilen doldurylýar.

22.02.2022

Häzirki döwürde hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm we ähmiýetli bölekleriniň biri bolup durýar. Kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň wekilleri döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde öz saldamly goşandyny goşýarlar, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň ähli ugurlaryna gatnaşygyny ýylsaýyn giňeldýärler, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ykdysady we daşary söwdanyň işjeňleşmegine oňaýly täsir edýän täze kärhanalardyr-hojalyk jemgyýetlerini döredýärler. Şeýlelikde ulag we logistika pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir möhüm we ýokary depginde ösýän ugurlarynyň biridir diýip bellemek zerurdyr.
Täze döredilen kompaniýalarynyň biri hem “Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetidir. Özüniň täze döredilenligine garamazdan, ýokary depgin bilen ösüş ýolunda ilerleýän bu jemgyýet, ýük daşamalary pudagynda ýurdumyzyň ulag we logistika kärhanalarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň howandarlygynda öz işlerini alyp barmaklygy zerur hasaplaýar.
Öz gezeginde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy, halkara derejede türkmen milli ulag we logistika kärhanalaryny bütewi bir toplum hökmünde hödürlemek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ulag we üstaşyr geçiriş kuwwatlylygyny has oňaýly şertlerde görkezmäge mümkinçilik berýär hem-de Türkmenistanyň bu ugurdaky bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlenmegine täsirini ýetirýär.
“Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetine mundan beýläk-de gülläp ösmek we ulag-logistika hyzmatlary bazarynda kuwwatyny artdyrmak baradaky arzuwlar bilen, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilenligi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.