«Workshop» programmasy ulag we logistika pudagynda ýaş hünärmenleriň hünär ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär.

25.02.2022

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň hyzmatdaşy – Merkezi Aziýadaky Ulag we Logistika Institutynyň(CILT Merkezi Aziýa)  wekilhanasy,«Geljekki nesil» Global Assosiasiýasynyň üsti bilen hünärmenler bilen bilelikde hem-de gatnaşyjylara  şahadatnamalary bermek babatynda 3 sany onlaýn duşuşykdan ybarat «Workshop» programmasyna başlady.(CILT)-Merkezi Aziýadaky Ulag we Logistika Instituty ýaş nesliň ösüşine aýratyn üns berýär we ýaş hünärmenleriň gatnaşýan çärelerini geçirmegi gaty möhüm hasaplaýar. Ulag we logistika pudagynda işleýänler hünärmenlerden maslahat we tejribe almaga we şeýlelik bilen hünär endiklerini ösdürmäge mümkinçilik alyp bilerler.
Başdaky 2 maksatnama ZOOM platformasynda geçirildi, bu ýerde mowzuklar: «Üpjünçilik zynjyryndaky emeli intellekt – inwentar optimizasiýany talap etmek» we «Harytlary daşamagyň tertibi we şertleri,daşary söwda şertnamasy». Çykyş edenler, tejribe we logistika işleri bilen meşgullanýan hünärmenleriň ýüze çykýan hakyky ýagdaýlaryny seljermek we ara alyp maslahatlaşmak usullaryny ulanyp, üstünlikleriň syrlaryny gatnaşyjylar bilen paýlaşýan uly tejribä eýe bolan halkara hünärmenleridir.
Türkmen gatnaşyjylaryna, Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň we Merkezi Aziýanyň(CILT) hyzmatdaşlygy netijesinde bu maksatnama mugtuna goşulmaga mümkinçilik berildi. Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň wekilleri: “Ýerli hünärmenlerimiziň şular ýaly çärelere gatnaşmagy olaryň hünär başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem giň tejribe toplan halkara hünärmenleri bilen integrasiýa goşant goşar diýip umyt edýäris” diýdiler.
Bu okuwyň soňky mowzugy:”Täze ýüpek ýoluň ugrunda multimodal konteýner daşamak” barada bolup,şu ýylyň 3-nji martynda geçiriler.Hünärmenler tutuş programmany tamamlanlaryndan soň:tankydy pikirlenmek, işiň gidişini gözden geçirmek we kämilleşdirmek, wagty hem-de elimizdäki çeşmeleri doly ulanmak, strategiki pikirlenmek, taslamany dolandyrmak, seljermek we çaklamak ukyby, aragatnaşyk endikleri ýaly başarnyklary ösdürip bilerler.
Ulag we logistika pudagynda ýaş hünärmenler – (CILT) Merkezi Aziýa we Geljekki nesil bilen bilelikde karýeradaky maksatlaryňyzy amala aşyryň.