Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça wideo konferensiýasy geçirildi.

17.03.2022

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Hytaý ulag-aragatnaşyk Assosiýasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner otlylaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkezi, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde “Hytaý – Gazagystan/Täjigistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Ýewropa” halkara multimodal geçelgesiniň ösdürilmegi boýunça onlaýn konferensiýa geçirildi. Konferensiýa “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Hytaý ulag-aragatnaşyk Assosiýasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner otlylaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziniň direktorynyň orunbasary Çi Tanlaýi öz çykyşynda häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrylýan konteýner gatnawlary barada gürrüň berdi. Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň üsti bilen oňaýly ýol ugurlary işläp düzmeklik gün tertibiniň esasy mowzugyna öwrüldi.
Agzalýan multimodal geçelgesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň demirýol ýük gatnawlary üçin ähli zerur infrastrukturasyna eýedigini, Türkmenbaşy halkara deňiz porty bolsa her ýyl 400 müňe barabar konteýnerleri işläp taýýarlaýandygyny nazara alsak, bu ýük gatnawlarynyň Türkmenistana degişli tapgyrlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berer.
Wideo konferensiýanyň netijesi boýunça, taraplar multimodal taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmeklige we bu ugurda Merkezi Aziýa hem-de Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen bilelikde sebitara gepleşikleri geçirmeklige gyzyklanma bildirdiler.