Halkara ulag ulgamyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat.

18.03.2022

2022-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag üstaşyr mümkinçilikleri babatda Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň ulag logistika ulgamynyň wekilleri, «Ýaş ykdysatçylar»  ylmy gurnagynyň agzalary we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmen Logistika»  Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň Müdiriýetiniň agzasy – «Aziýa ulaglary» hususy kärhanasynyň direktory Oleg Anohin we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ulag pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa üstünlikli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň täze belent sepgitlere çykandygyny nygtap aýtdylar. Çykyş edenler şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy daşary syýasatymyzy ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Ylmy-amaly maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenip geçildi we geljekde hem şeýle çäreleriň has ýygy-ýygydan geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler.