“Lapis Lazuli” tranzit we transport koridory boýunça seminar.

29.03.2022

2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnalan “Lapis Lazuli” üstaşyr we transport koridory boýunça garyşyk formatda, iki günlük sebitleýin onlaýn seminary geçirildi. Onlaýn formatda bolmak bilen birlikde, Türkmenistandaky degişli edaralaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri janly gatnaşmak üçin Arçabil myhmanhanasyna çagyryldy. Bu seminara Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýa we Türkiýeden, ýagny “Lapis Lazuli” şertnamasyna gol çeken ýurtlardan 60-dan gowrak wekil gatnaşdy. Çäräniň dowamynda TRACECA hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary, Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna kömek maksatnamasynyň wekili, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri we ÝHHG-nyň halkara hünärmenleri tarapyndan çykyşlar we hasabatlar berildi.
Çäräniň maksady – halkara Lazurit koridoryny durmuşa geçirmegiň strategiýasyny tanyşdyrmak. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi, “Lapis Lazuli” üstaşyr we ulag şertnamasyna gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde durmuşa geçirmek üçin işleriň strategiýasynyň we meýilnamasynyň işlenip düzülmegine badalga berdi.
Maslahata gatnaşyjylar “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň hyzmatdaşlaryna ulag we üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde goldaw bermek üçin mundan beýläkki ädimleri kesgitlediler.