2022-nji ýylyň 31-nji martynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri we bu babatda Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlary” temasy boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň gurnamagynda, fakultatiw okuw sapaklarynyň we seminarlaryň meýilnamasynyň çäginde geçirilen bu okuw sapagyna “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri hem-de agzalan ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler, Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň ýakyn halkara ykdysady integrasiýany we hyzmatdaşlygy ösdürmek işine goşant goşmak maksady bilen, ýurdumyzyň çäginde sebitara we kontinental ähmiýetli iri ulag geçelgelerini döretmek üçin ýurduň geografiki artykmaçlyklaryny, logistiki mümkinçiliklerini we infrastrukturasyny doly derejede ulanmaga esaslanýandygyny bellediler. Döwrebap, integrirlenen, deňagramly we ýokary tehnologiýaly ulag infrastrukturasynyň döredilmegi – döwrüň obýektiw zerurlygy we durnukly ösüşiň ileri tutulýan maksatlarynyň biri bolup durýar. Ony durmuşa geçirmek tutuş halkara jemgyýetiniň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär, dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine, şeýle hem dünýä, sebitara we halkara derejede ykdysady we sosial görkezijileriň ösmegine netijeli goşant goşup biler. Ulag ulgamynyň ýurduň hemme ýerinde durnukly işlemegi ykdysady giňişligiň bitewiliginiň, bäsdeşlik we telekeçilik azatlygynyň ösmeginiň, ilatyň ýaşaýyş şertlerini we derejesini ýokarlandyrmagyň, bitewiligiň we milli howpsuzlygyň, şeýle hem global ykdysady giňişligine birikmegiň kepili bolup durýar.
Netijeli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, biziň ýurdumyz global parahatçylygy we ösüşi üpjün edilmegine we global durnukly ösüş Maksatlaryna ýetilmegine möhüm goşant goşýar.