Hyzmatdaşlarymyzdan gelip gowşan habar. Gazagystan üç ýurt bilen serhetden geçiş çäklendirmelerini ýatyrýar.

07.04.2022

2022-nji ýylyň aprel aýynyň 6-na, çarşenbe güni, Gazagystanyň Premýer-ministriň orunbasary Ýeraly Tugžanowyň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň çäklerinde koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça pudagara komissiýasynyň mejlisi geçirildi.
Epidemiologiki ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyny göz öňünde tutup, şu ýylyň 11-nji aprelinden başlap Gazagystanyň raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurtlular üçin Gazagystanyň döwlet serhedini Russiýa Federasiýasyna, Özbegistan we Gyrgyzystan Respublikalaryna çykýan guryýer geçiriş nokatlaryndan geçmek baradaky çäklendirmeleri ýatyrmak barada karar kabul edildi.
Şeýle-de Gazagystanyň döwlet serhedinden howa arkaly geçmek baradaky ähli çäklendirmeler hem ýatyrylýar. Şol bir wagtda, gazagystanlylara, Gazagystanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan daşary ýurtlylara we sanjym pasportlary ikitaraplaýyn ykrar edilýän daşary ýurt raýatlary üçin hökmany ýagdaýda COVID-19 ýokanjynyň PCR (Polimeraz zynjyrly reaksiýa) barlagynyň otrisatel netijeli güwänamasynyň ýa-da  COVID-19 garşy waksinasiýanyň, rewaksinasiýanyň doly kursyny geçenligi hakynda resminamanyň ýa-da pasportyň görkezilmek şerti saklanylyp galýar.
Wise-premýer öz çykyşynda, döwlet serhedini açmak meselesiniň Gazagystanyň döwlet baştutany Kasym-Jomart Tokaýewiň hemişelik şahsy gözegçiliginde saklanýandygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda, Tugžanow akimatlara (administratiw organlara) koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediş işlerine aýratyn gözegçilik etmegi tabşyrdy we bu boýunça ilatyň arasynda ýokary derejeli düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Çeşme: Gazagystanyň “Kazlogistics” ulag işgärleriniň birleşmesi