Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilleri ýurdumyzyň ulag we logistika pudagynyň alyp barýan işi, gazanan tejribeleri we geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

26.04.2022

 “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilleri bilen “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň hem-de “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn görnüşde tanyşdyryş duşuşygy geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň diplomatik korpusyny ýurdumyzyň ulag we logistika pudagynda iş alyp barýan taraplaryň tejribeleri, mümkinçilikleri we geljekki meýilleri bilen ýakyndan tanyşdyrmak, şeýle hem ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen guraldy.
“Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň ýolbaşçylary özleriniň tanyşdyryş çykyşlarynda,  ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň alyp barýan işleri, ýetilen sepgitler, daşary ýurt guramalary bilen hyzmatdaşlyklar, şeýle-de ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky strategiki mümkinçilikleri mundan beýläk hem ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň beýanyny diplomatik wekilleriň dykgatyna ýetirdiler. 
Duşuşygyň dowamynda, diplomatlar we ulag-aragatnaşyk toplumynyň wekilleri ýurduň ulag pudagyny halkara derejesinde ösdürmek we kämilleşdirmek üçin birnäçe möhüm meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Milli ulag edaralarynyň FIATA, IRU, UNECE we BMG-nyň ulag we logistika pudagyna degişli beýleki iri halkara guramalary we bölümçeleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, şeýle hem “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” AGPJ-nyň wekilleriniň bu halkara jemgyýetçilikleri tarapyndan gurnalýan çärelere işjeň gatnaşmaklarynyň mümkinçiligine aýratyn üns çekildi. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenbaşy portunyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, Baku we Aktau portlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek we Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük akymlarynyň mukdaryny artdyrmak ugrunda halkara ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy üçin iň amatly we ähmiýetli bolan geografiki ugurlar bilen baglanyşykly köp sanly meselelere garadylar. Şeýle hem, esasy halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek, global ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri işjeňleşdirmek we bu ugurda sebit merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmek üçin ýerine ýetirmeli zerur çäreler bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar ulag we logistika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ugrunda şeýle çäreleriň geçirilmegi, öz wagtynda alnyp barylýan ýokary derejede möhüm we netijeli işleriň aýdyň mysaly bolup durýandygyny bellediler.