2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ulag diplomatiýasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda «Türkmen Logistika» Milli Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sähra Amanowa, hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň halypa mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty, dosent Öwezmyrat Bäşimow logistika düşünjesi, onuň gelip çykyşy, şeýle hem logistikanyň guralyşyny üpjün etmegiň netijesinde önümçilik çig malyny getirmek, öndürilen önümleri saklamak, daşamak we söwdasyny guramaklygyň ähmiýeti barada çykyş etdiler. Soňra talyp ýaşlar maslahata degişli özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler.
Täsirli geçen maslahatyň ahyrynda, şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi bilen, talyplaryň nazarýetde alýan bilimleriniň has-da berkeýändigini, tejribeleriniň has hem artýandygyny aýratyn belläp geçdiler.