Strategiki hyzmatdaşlygyň giňelmegi

29.04.2022

Şeýle atlandyrylan mowzuk bilen, 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 28-ne, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy” Birleşmesiniň arasynda wideo arkaly maslahat geçirildi. Maslahata “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda ýygnananlara ýüzlenip, Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Şamil Ageýew we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwletara derejesinde ylalaşylan şertnamalaryň çäklerinde, şeýle çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigini belläp geçdiler. Şeýle-de, wideo maslahata Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kazan şäherindäki Türkmen söwda öýi boýunça wekili Begendik Artykow we “Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy” Birleşmesiniň Türkmenistandaky wekili Nepes Nepesow dagylar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar, çykyşlarynyň üstüni ýurtlar baradaky wideo şekiller bilen doldurdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň we Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň alyp barýan işleri barada hem wideo şekiller görkezildi. “Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy” Birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Şewelew öz çykyşynda, Tatarstan Respublikasynda işewürligi alyp barmak we maýa goýumlary çekmek üçin ýeňilleşdiren amatly şertleri we ähli zerur infrastrukturasy bolan, “ТОСЭР” diýlip atlandyrylýan “Öňdebaryjy sosial-ykdysady ösüş sebitleri” barada gürrüň berdi.
Maslahatyň gün tertibinde, ýeňil we dokma senagaty, oba-hojalygy, ulag we logistika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşine esasy üns çekildi. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumynyň baş müdiriniň orunbasary Guseýn Guseýnow we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň wekilleri çykyş etdiler. Mata, furnitura, pagta, trikotaž we beýleki çig-mal önümlerini satyn almak boýunça aragatnaşygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirmek bilen, “Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy” Birleşmesiniň Dokma we ýeňil senagat komitetiniň başlygy Irina Kuprýahina, öz gezeginde, ýeňil senagaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Tatarstan Respublikasynda girizilen “Dual tehniki-hünär bilim ulgamy” barada bellenip geçildi. Tatarstan Respublikasynyň Oba-hojalygy we azyk ministriniň orunbasary Nail Zalakow, gök önümleri import etmekde we uzak möhletleýin ammarlary gurmakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi we maslahata gatnaşyjylary şu ýylyň iýul aýynyň 6-8-i aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek AgroWolga-2022 agrosenagat sergisine çagyrdy. Bu sergä, Russiýa Federasiýasynyň ähli sebitlerinden 400-e golaý kärhananyň wekilleriniň we 15 müňden gowrak gatnaşyjylaryň gelmegine garaşylýar. “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sähra Amanowa, guramanyň alyp barýan işleri barada çykyş etdi.
Netijede, gatnaşyjylar iş maslahatynyň netijeli we iki tarap üçin hem ähmiýetli geçendigini belläp, özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegine umyt bildirdiler.