Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

17.05.2022

2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga köpsanly döwlet edaralarynyň, hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagy, giň göwrümli ugurlarda, aýratyn hem, nebit we gaz, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklarda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri, döwlet we hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary çykyş edip, ýetilen sepgitleri we bu babatda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmakda ikitaraplaýyn bähbitleriň ähmiýeti nygtadylar.
Aýry-aýry çykyşlar Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynyň we Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz-söwda portunyň mümkinçilikleriniň ulanylyşyna bagyşlandy.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk netijeli tamamlandy we gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.